TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda
(rejelenen görnüşi)
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 4, 87-nji madda)
(Türkmenistanyň 05.06.2021 ý. № 386-VI, 13.11.2021 ý. № 423-VI, 16.03.2023 ý. № 544-VI
we 03.06.2023 г. № 32-VII Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagyň hukuk esaslaryny
kesgitleýär, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde ony amala aşyrmak bilen
baglanyşykly ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1)ygtyýarnama– ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan ygtyýarnama
talaplaryny we şertlerini hökmany berjaý etmek şerti bilen ygtyýarnamala berilýän,
Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda telekeçilik işiniň hem-de hünärmenlik
hyzmatlaryny ýerine ýetirmek çygryndaky işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala
aşyrmaga hukuk berýän ýörite rugsat;
2)işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşi– Türkmenistanyň çäginde amala
aşyrmak üçin şu Kanuna laýyklykda ygtyýarnama almak talap edilýän işiň aýry-aýry
görnüşi;
3)işiň aýry-aýry ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň kiçi görnüşi– işiň
ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň düzüminde Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet
klassifikatoryna laýyklykda 6-njy derejede – alty belgili kategoriýada (1-nji, 2-nji, 3-
nji, 4-nji, 5-nji we 6-njy kod belgisinde) görkezilýän ygtyýarlylandyrmaga degişli
işiň anyk görnüşi;
4)ygtyýarnama talaplary we şertleri– işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşi
amala aşyrylanda ygtyýarnamaly (ygtyýarnamanyň dalaşgäri) tarapyndan ýerine
ýetirilmegi hökmany bolan, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplaryň
we şertleriň jemi, şunda bu talaplar we şertler işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň
kiçi görnüşine göni degişli bolmalydyr;
5)ygtyýarnamaly– ygtyýarnama alan fiziki ýa-da ýuridik şahs;
6)ygtyýarnamanyň dalaşgäri– ygtyýarnamanyň berilmegi, ygtyýarnama
goşmaçanyň girizilmegi hakynda arza bilen ygtyýarlylandyryjy edara ýüz tutan fiziki
ýa-da ýuridik şahs;
7)ygtyýarlylandyrmak– ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan ygtyýarnama
bermek, ygtyýarnama goşmaça girizmek, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek,
ygtyýarnamanyň hereketini uzaltmak, togtatmak, dikeltmek, möhletinden öň besetmek we ony ýatyrmak, şeýle hem ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň berjaý
edilişine gözegçiligi amala aşyrmak, Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawyny ýöretmek
we ondan maglumatlary bellenen tertipde bermek boýunça iş;
8)Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawy– ygtyýarnamany bermek (bermekden
ýüz öwürmek), ygtyýarnama goşmaça girizmek, ony gaýtadan resmileşdirmek, onuň
hereketini uzaltmak, togtatmak, dikeltmek, bes etmek we ygtyýarnamany ýatyrmak
hakyndaky maglumatlary, şeýle hem ygtyýarlylandyrmak bilen baglanyşykly beýleki
zerur maglumatlary öz içine alýan ýeke-täk usulyýet we programmalaýyn tehniki
ýörelgelerde gurlan döwlet maglumat ulgamy;
9)ygtyýarnamasyz amala aşyrylan iş– şu Kanunyň 22-nji maddasynda
bellenilen ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleriniň degişli
ygtyýarnamany almazdan amala aşyrylmagy;
10)ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşiniň amala
aşyrylýan hakyky ýerleşýän ýeri– ygtyýarlylandyrylýan işiň görnüşini amala
aşyrmaga niýetlenen we (ýa-da) ol iş amala aşyrylanda ulanylýan obýekt (jaýlar,
binalar, desgalar, beýleki obýektler) bolup, onuň salgysy ýa-da beýleki
kybaplaşdyryp boljak maglumatlary bolmalydyr. Ygtyýarlylandyrylýan işiň
görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýerleşýän ýeri ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýa
da ýgtyýarnamalynyň hukuk salgysy bilen gabat gelip biler.
(2021-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
2-nji madda. Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda
Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň
kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de
Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Şu Kanunyň düzgünleri aşakdakylara degişli däldir:
1) intellektual eýeçiligiň obýektleri peýdalanylanda ýüze çykýan gatnaşyklara;
2) «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda
amala aşyrylýan nebit işlerine;
3) hukuk tertibini, döwletiň goranmak ukybyny we howpsuzlygyny üpjün etmek
bilen baglanyşykly ýöriteleşdirilen işe;
4) telekeçilik bolup durmaýan işe.
3-nji madda. Ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrmagyň esasy ýörelgeleri
1. Şular ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrmagyň esasy ýörelgeleridir:
1) ygtyýarlylandyrmak babatynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;
2) ygtyýarlylandyrmagyň aýdyňlygyny üpjün etmek, bellenilen ygtyýarnama
talaplaryna we şertlerine jogap berýän, fiziki we ýuridik şahslar üçin deň esaslarda
we deň şertlerde ygtyýarnamalar bermek;
3) ygtyýarlylandyrmak amala aşyrylan mahalynda kanunylygy üpjün etmek;
4) Türkmenistanyň çäginde işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşleriniň ýeke-täk
sanawyny we ygtyýarlylandyrmagyň ýeke-täk tertibini şu Kanun bilen bellemek;
25) işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň
kanunçylygynyň bozulandygy üçin fiziki we ýuridik şahslaryň jogapkärçiliginiň
kadalaryny bellemek.
2. Daşary ýurt fiziki we ýuridik (şol sanda olaryň şahamçalary) şahslar, şeýle
hem raýatlygy bolmadyk şahslar Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslarynyňky
ýaly şertlerde we tertipde ygtyýarnama almaklyga hukugy bardyr, olaryň işiň aýry
aýry görnüşlerini amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda
bellenilen çäklendirmeleri muňa degişli däldir.
3. Ygtyýarlylandyrmak telekeçilik işiniň we hünärmenlik hyzmatlaryny ýerine
ýetirmek boýunça işiň monopoliýalaşdyrylmagyna ýa-da erkinliginiň
çäklendirilmegine ýardam etmeli däldir.
Işiň görnüşini telekeçilik we hünärmenlik hyzmatlaryny ýerine ýetirmek
boýunça işe degişli etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala
aşyrylýar.
4-nji madda. Ygtyýarlylandyrmagyň maksatlary
Ygtyýarlylandyrmagyň maksatlary aşakdakylardyr:
1) sarp edijileriň hukuklaryny goramak;
2) ösýän bazar gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam etmek;
3) harytlaryň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak;
4) raýatlaryň ömri, saglygy, emlägi, döwletiň we jemgyýetiň bähbitleri, tebigaty
goramak, medeni miras üçin howply bolup biljek işiň ygtyýarlylandyrylýan
görnüşleri bilen meşgul bolýan şahslara gözegçiligi amala aşyrmak.
5-nji madda. Işiň görnüşini ygtyýarlylandyrmaga degişli etmek üçin esaslar
Işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşlerine amala aşyrylmagy raýatlaryň
hukuklaryna, kanuny bähbitlerine, ahlagyna, ömrüne we saglygyna, döwletiň
goranmak ukybyna we howpsuzlygyna, türkmen halkynyň medeni mirasyna, daşky
gurşawa zyýan (zelel) ýetirip biljek we olary ygtyýarlylandyrmakdan başga usullar
bilen döwlet tarapyndan düzgünleşdirip bolmajak işiň görnüşleri degişli edilýär.
II BAP. YGTYÝARLYLANDYRMAGYŇ DÖWLET TARAPYNDAN
DÜZGÜNLEŞDIRILIŞI
6-njy madda. Ygtyýarlylandyrmagyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilişi
Ygtyýarlylandyrmak babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, şeýle hem ygtyýarnama gözegçiligini amala
aşyrýan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi (mundan beýläk -
ygtyýarnama gözegçiligi edarasy) we işiň aýry-aýry görnüşlerini
ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş
3edaralary (mundan beýläk – ygtyýarlylandyryjy edaralar) tarapyndan amala
aşyrylýar.
7-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) ygtyýarlylandyrmak babatynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek
boýunça çäreleri Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň kanunlaryna we
Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda kesgitleýär;
2) ygtyýarlylandyryjy edaralary kesgitleýär;
3) Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifıkatoryna laýyklykda
ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň anyk görnüşleriniň sanawyny we
ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberlerini tassyklaýar;
4) şu Kanunyň 22-nji maddasy bilen bellenilen sanaw boýunça işiň aýry-aýry
görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamalary (mundan beýläk ‒
ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama) tassyklaýar. Ygtyýarlylandyrmak
hakyndaky Düzgünnamalarda işiň aýry-aýry görnüşleri babatda çäklendirmeler
bellenilip bilner.
8-nji madda. Ygtyýarnama gözegçiligi edarasynyň ygtyýarlylygy
1. Ygtyýarnama gözegçiligi edarasy:
1) şu Kanunyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär,
ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işiniň utgaşdyrylmagyny üpjün edýär;
2) ygtyýarlylandyrmak babatynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini
kämilleşdirmek, şu Kanuna we ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň görnüşleriniň
Sanawyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda teklipleri işläp taýýarlaýar;
3) ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan berilýän ygtyýarlylandyrmak
hakyndaky Düzgünnamalaryň taslamalaryna garaýar we ylalaşýar;
4) ygtyýarnamany bermek, ygtyýarnama goşmaça girizmek, gaýtadan
resmileşdirmek, ygtyýarnamanyň hereketini uzaltmak, dikeltmek, möhletinden öň bes
etmek hakyndaky arzanyň nusgasyny, şeýle hem ýüze çykarylan ygtyýarnama
talaplarynyň we şertleriniň bozulmalaryny düzetmek hakynda tabşyryknamanyň
görnüşini tassyklaýar;
5) ygtyýarnamanyň ýeke-täk görnüşini tassyklaýar;
6) Ygtyýarnamalylar tarapyndan ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň ýerine
ýetirilişine barlaglary geçirmegiň tertibi boýunça gözükdirijini tassyklaýar;
61) Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen arzada we resminamalarda özi
hakda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, ygtyýarnama
talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligine barlaglary
geçirmegiň tertibi boýunça gözükdirijini tassyklaýar;
7) Ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň ygtyýarnamasyz amala aşyrylmagy
boýunça barlaglary geçirmegiň tertibi boýunça gözükdirijini tassyklaýar;
8) Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar bankyny döredýär;
49) ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işini seljermegiň we Ygtyýarnamalaryň döwlet
sanawynyň maglumatlar bankynyň esasynda ygtyýarlylandyrmak babatyndaky iş
hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bellenilen tertipde maglumat berýär.
2. Ygtyýarnama gözegçiligi edarasy ygtyýarlylandyrmak babatynda şu
aşakdakylara haklydyr:
1) ygtyýarlylandyryjy edaralardan zerur resminamalary we maglumatlary
soramaga we almaga;
2) ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işiniň meýilnamalaýyn ýa-da meýilnamadan
daşary barlaglaryny, şol sanda şikaýatlaryň, arzalaryň we beýleki resmi ýüz
tutmalaryň esasynda geçirmäge, ýüze çykarylan düzgün bozulmalary görkezmek
bilen barlaglaryň netijeleri boýunça ykrarnamalary düzmäge;
3) Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar bankyndaky bar bolan
maglumatlary kameral (deslapky) deňeşdirip barlamak arkaly, şeýle hem
ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işiniň barlaglarynyň ykrarnamalarynyň esasynda
olaryň işlerine seljerme geçirmäge;
4) ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan barlaglaryň barşynda ýüze çykarylan
düzgün bozulmalary düzetmek boýunça olary düzetmegiň möhletlerini görkezmek
bilen, çözgütleri kabul etmäge;
5) şu Kanunyň we ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamanyň talaplaryny
bozmak bilen kabul edilen çözgütleriň ýatyrylmagyny talap etmäge.
Ygtyýarnama gözegçiligi edarasynyň çözgütleri onuň bellän möhletlerinde
ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan hökmany ýerine ýetirilmäge degişlidir.
(2021-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
9-njy madda. Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň ygtyýarlyklary
1. Ygtyýarlylandyryjy edaralar:
1) ygtyýarnamany bermek hakyndaky arza we oňa goşulan resminamalara
seredýärler, ygtyýarnamany berýärler ýa-da ony bermekden ýüz öwürýärler;
2) ygtyýarnama goşmaça girizýärler ýa-da goşmaçany girizmekden ýüz
öwürýärler;
3) ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirýärler ýa-da gaýtadan resmileşdirmekden
ýüz öwürýärler;
4) ygtyýarnamanyň hereketini uzaldýarlar, togtadýarlar, dikeldýärler hem-de
ygtyýarnamalynyň arzasy esasynda möhletinden öň bes edýärler ýa-da
ygtyýarnamanyň hereketini uzaltmakdan, dikeltmekden ýüz öwürýärler;
5) ygtyýarnamany şu Kanunyň 17-nji maddasynyň dördünji böleginiň 2-nji
bendinde görkezilen halatynda ýatyrýarlar ýa-da başga halatlarda ygtyýarnamany
ýatyrmak hakynda kazyýete arza bilen ýüz tutýarlar;
6) Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygynda
olaryň ygtyýarlylygyna degişli edilen meselelere seredýärler;
7) işiň özleri tarapyndan ygtyýarlylandyrylýan görnüşleri, olaryň kiçi görnüşleri
boýunça Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar binýatlaryny döredýärler
we ýöredýärler.
5Ygtyýarnamalylar barada maglumatlary, ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan
bellenilen maglumatlar möçberinde özleriniň resmi Internet-saýtlarynda
ýerleşdirýärler;
8) işiň özleri tarapyndan ygtyýarlylandyrylýan görnüşleri, olaryň kiçi görnüşleri
boýunça ygtyýarlylandyrmagy düzgünleşdirýän ähli kadalaşdyryjy hukuk
namalaryny özleriniň resmi Internet-saýtlarynda ýerleşdirýärler;
9) şu Kanuna laýyklykda barlaglary amala aşyrýarlar;
10) ygtyýarlylandyrmak babatynda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň
talaplarynyň bozulandygy üçin maliýe jerimesini ulanýarlar;
11) şu Kanunda bellenen halatlarda kazyýete arza bilen ýüz tutýarlar.
2. Ygtyýarlylandyryjy edaralar ygtyýarlylandyrmak boýunça öz
ygtyýarlyklaryny öz ýerli ýa-da beýleki düzüm birliklerine berip bilmezler.
3. Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagynyň tertibi
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan ygtyýarlylandyrmak
hakyndaky Düzgünnamalar bilen bellenilýär.
10-njy madda. Ygtyýarlylandyrmak amala aşyrylanda jenaýatçylykly ýol
bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň
maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň
maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek
1. Ygtyýarlylandyrmak işi jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň
kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş
ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksadyna
gönükdirilmelidir.
2. Ygtyýarlylandyryjy edaralar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen
tertipde ygtyýarnamalylar tarapyndan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň
kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş
ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça
Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik edýärler.
(2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
III BAP. YGTYÝARLYLANDYRMAGY AMALA AŞYRMAK
11-nji madda. Ygtyýarnamanyň hereketi
1. Ygtyýarnama işiň her bir ygtyýarlylandyrylýan görnüşi üçin aýratynlykda
berilýär.
2. Amala aşyrmak üçin ygtyýarnama alnan işiň görnüşi ygtyýarnama alan şahs
tarapyndan ýerine ýetirilip bilner we beýleki bir tarapa berlip bilinmez.
3. Ygtyýarnamanyň hereketi Türkmenistanyň bütin çägine degişlidir,
Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen çäklendirmeler muňa degişli däldir.
12-nji madda. Ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti
61. Ygtyýarnama:
1) fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan hünärmenlik hyzmatlarynyň ýerine
ýetirilmegi we telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylýan görnüşi bolan bank işiniň
amala aşyrylmagy üçin hereket ediş möhleti çäklendirilmezden;
2) telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak (bank işi,
spirti, alkogolly önümleri, temmäki önümlerini getirmek muňa degişli däldir) üçin –
kesgitli, ýöne üç ýyldan az bolmadyk möhlete;
3) spirti, Türkmenistanda öndürilmeýän we haryt nyşany (söwda markasy) bolan
ýokary hilli alkogolly önümleri, şeýle hem temmäki önümlerini getirmek üçin – bir
ýyldan artyk bolmadyk möhlete berlip bilner.
2. Telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin
ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti üç ýyldan az bolmaly däldir, ygtyýarnamanyň
dalaşgäriniň arzasyna laýyklykda onuň hereket ediş möhleti azaldylyp bilner, ýöne ol
bir ýyldan az bolmaly däldir.
3. Telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin
ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti ygtyýarnamalynyň arzasy boýunça uzaldylyp
bilner. Ygtyýarnamanyň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy şu Kanunyň 14-nji
maddasyna laýyklykda onuň berilmeginiň tertibinde amala aşyrylýar.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
13-nji madda. Ygtyýarnama talaplary we şertleri
Ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama bilen ygtyýarnamaly tarapyndan
şu aşakdakylaryň berjaý edilmeginiň hökmanylygy bellenilýär:
1) Türkmenistanyň kanunçylygynyň, şeýle hem ekologik, sanitariýa
epidemiologik, gigiýena, ýangyna garşy kadalaryň we düzgünleriň;
2) ygtyýarnamala bildirilýän hünär talaplaryna laýyk gelmeginiň;
3) işiň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmak üçin zerur bolan halatlarda
jaýlaryň, desgalaryň, enjamlaryň we beýleki tehniki serişdeleriň ygtyýarnamala
bildirilýän ýörite şertlere laýyk gelşiniň;
4) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna,
terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň
ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksady bilen, içerki
gözegçilik kadalarynyň bolmagynyň.
(2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
14-nji madda. Ygtyýarnamany bermegiň tertibi
1. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri ygtyýarnama almak üçin ygtyýarnamanyň
berilmegi hakyndaky arzany degişli ygtyýarlylandyryjy edara berýär, onda şu
aşakdakylar görkezilýär:
1) ýuridik şahs üçin – doly ady, döwlet tarapyndan bellige alnan belgisi we
senesi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, hukuk salgysy, işiniň görnüşi we ony amala
aşyrmagyň möhleti, şeýle hem ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň işiň bu görnüşini amala
aşyrmakçy bolýan hakyky ýerleşýän ýeri;
72) fiziki şahs üçin – familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, pasport
maglumatlary, onuň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň
belgisi we senesi (hususy telekeçi hökmünde bellige alnan fiziki şahslar üçin), hususy
salgyt belgisi, işiniň görnüşi we ony amala aşyrmagyň möhleti, şeýle hem
ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň işiň bu görnüşini amala aşyrmakçy bolýan hakyky
ýerleşýän ýeri.
2. Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arza şu aşakdakylar goşulýar:
1) ýuridik şahs üçin – esaslandyryş resminamalaryň nusgalary, Ýuridik
şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme, şeýle hem ynanç haty, hyzmatyň
şertnamasy ýa-da ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň wekiliniň ygtyýarlygyny tassyklaýan
buýruk;
2) fiziki şahs üçin – hususy telekeçi hökmünde ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň
döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň nusgasy (hususy
telekeçi hökmünde bellige alnan fiziki şahslar üçin) we onuň pasportynyň nusgasy.
Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arzanyň ýanyna ygtyýarnamanyň
dalaşgäri tarapyndan ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama bilen sanawy
kesgitlenýän ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirmäge özüniň
mümkinçiligini tassyklaýan beýleki resminamalar goşulýar.
Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arzanyň ýanyna goşulýan
resminamalaryň sanawy işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşleriniň düzüminde
ygtyýarlylandyrylmaga degişli kiçi görnüşlere hem-de ygtyýarlylandyrmak
hakyndaky Düzgünnamada ygtyýarnamanyň dalaşgärine bildirilýän beýleki talaplara
baglylykda ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan kesgitlenýär.
3. Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň şu Kanunda we ygtyýarlylandyrmak
hakyndaky Düzgünnamalarda göz öňünde tutulmadyk beýleki resminamalaryň
berilmegini ygtyýarnamanyň dalaşgärinden talap etmäge haky ýokdur.
4. Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arza we onuň ýanyna sanaw boýunça
goşulýan resminamalar olaryň ygtyýarlylandyryjy edara gelip gowşan gününde
olaryň kabul edilen senesi hakynda bellik edilip kabul edilýär. Arzanyň nusgasy
kabul edilen senesi hakynda bellik edilip ygtyýarnamanyň dalaşgärine gowşurylýar.
5. Ygtyýarlylandyryjy edaralar:
1) arzanyň we oňa goşulýan resminamalaryň kabul edilen gününden başlap
ýigrimi senenama gününiň dowamynda ondaky maglumatlaryň dolulygyny we
dogrulygyny, ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan bellenilen ygtyýarnama
talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirmek mümkinçiligini barlaýarlar, munuň
esasynda ygtyýarnamany bermek hakynda ýa-da ony bermekden ýüz öwürmek
hakynda çözgüt kabul edýärler;
2) çözgüt kabul edilenden soň üç iş gününiň dowamynda ygtyýarnamany
bermek hakynda ýa-da ony bermekden ýüz öwürmek hakynda kabul edilen çözgüt
barada sebäplerini görkezmek bilen ygtyýarnamanyň dalaşgärine ýazmaça görnüşde
habar berýärler.
Ygtyýarnamany bermek hakyndaky habarnama bank hasabynyň
maglumatlaryny we döwlet pajyny tölemegiň möhletini görkezmek bilen
ygtyýarnamanyň dalaşgärine gowşurylýar.
86. Ygtyýarnamanyň berilmegi üçin döwlet pajynyň tölenendigini tassyklaýan
resminama berlenden soň, ygtyýarnama bäş iş gününiň dowamynda berilýär.
Ygtyýarnamanyň berilmegi üçin döwlet pajy dalaşgäriň özi tarapyndan ýa-da başga
bir şahs tarapyndan tölenip bilner.
7. Eger ygtyýarnamanyň dalaşgäri otuz senenama gününiň dowamynda döwlet
pajyny tölemedik halatynda ygtyýarlylandyryjy edaranyň ygtyýarnamany bermek
hakynda kabul eden çözgüdini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda
ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan çözgüt kabul edilip bilner.
8. Şu aşakdakylar ygtyýarnamany bermekden ýüz öwürmek üçin esas bolup
bilýär:
1) ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen resminamalarda doly däl we
nädogry ýa-da şübheli maglumatlaryň bolmagy;
2) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň, şeýle hem işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşi
amala aşyrylanda onuň peýdalanýan jaýlarynyň, desgalarynyň, enjamlarynyň, beýleki
tehniki serişdeleriniň, ygtyýarnama talaplaryna we şertlerine laýyk gelmezligi.
9. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ygtyýarlylandyryjy edaranyň ygtyýarnamany
bermekden ýüz öwürmegine ýa-da onuň hereketsizligine ygtyýarnama gözegçiligi
edarasyna ýa-da kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr. Şunda ygtyýarnamanyň
dalaşgäriniň garaşsyz seljermäniň geçirilmegini talap etmäge hukugy bardyr.
10. Ygtyýarlylandyryjy edaralar ygtyýarnamany bermek ýa-da oňa goşmaça
girizmek, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek, ygtyýarnamany ýatyrmak, onuň
hereketini dikeltmek, uzaltmak ýa-da togtatmak hakynda özleri tarapyndan çözgüt
kabul edilen gününden başlap, şeýle hem kazyýetiň ygtyýarnamany ýatyrmak
hakynda karary kanuny güýje giren gününden başlap bäş iş gününiň dowamynda
degişli salgyt edarasyna degişli çözgüdiň kabul edilendigini tassyklaýan haty
iberýärler.
11. Ygtyýarnamanyň öwezligi (dublikaty), onuň ýitirilendigi ýa-da zeper
ýetendigi hakyndaky arzanyň gelip gowşan gününden başlap bäş iş gününden gijä
galman ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan ygtyýarnamala berilýär.
12. Ýuridik şahsyň we hususy telekeçiniň döwlet tarapyndan bellige
alynmagyndan öň, ygtyýarnamany almak talabyna ýol berilmeýär.
13. Fiziki şahs tarapyndan hünärmenlik hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça
işi amala aşyrmaga ygtyýarnamany almak üçin şeýle fiziki şahsyň hususy telekeçi
hökmünde bellige alynmagy talap edilmeýär.
14. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri özüne berlen ygtyýarnama işiň
ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň kiçi görnüşiniň girizilmegi barada ýüz tutan
halatynda, ygtyýarnama goşmaçanyň girizilmegi ygtyýarnamanyň berilmeginiň şu
maddada göz öňünde tutulan tertibinde amala aşyrylýar.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
15-nji madda. Ygtyýarnamanyň görnüşine bildirilýän talaplar
1. Ygtyýarnamada şu aşakdakylar görkezilýär:
1) ygtyýarlylandyryjy edaranyň ady;
92) ýuridik şahsyň doly ady, hukuk salgysy, guramaçylyk-hukuk görnüşi ýa-da
fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, pasport maglumatlary;
3) döwlet tarapyndan bellige alnan resminamanyň belgisi we senesi
(hünärmenlik hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işden başga);
4) işiň aýry-aýry ygtyýarlylandyrylýan görnüşi, onuň kiçi görnüşleri;
5) ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti;
6) hususy salgyt belgisi;
7) işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýerleşýän ýeri;
8) ygtyýarnamanyň belgisi;
9) ygtyýarnamany bermek, ygtyýarnama goşmaça girizmek we gaýtadan
resmileşdirmek hakynda çözgüdiň kabul edilen senesi.
Işiň aýry-aýry ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň we kiçi görnüşiniň atlarynyň
ýazgysynyň, işiň görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýeriniň ýazgysynyň
ygtyýarnamada ýerleşmedik ýagdaýynda, olar ygtyýarnamanyň goşundysynda
görkezilýär.
Ygtyýarnamanyň goşundysy ygtyýarnamanyň aýrylmaz bölegi bolup durýar we
ygtyýarnama çatylyp tikilýär we ygtyýarlylandyryjy edaranyň möhüri bilen
tassyklanýar. Ygtyýarnamanyň goşundysynyň nusgasy ygtyýarlylandyryjy edara
tarapyndan kesgitlenýär.
2. Işiň aýry-aýry ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň kiçi görnüşi ygtyýarnamada
Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda 6-njy derejede –
alty belgili kategoriýada (1-nji, 2-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji we 6-njy kod belgisinde)
görkezilýär.
3. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýa-da ygtyýarnamalynyň arzasy we onuň
ýanyna goşulýan resminamalar, ygtyýarnamany bermek (bermekden ýüz öwürmek),
ygtyýarnama goşmaça girizmek, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek, onuň
hereketini uzaltmak, ony togtatmak, dikeltmek, hereketini bes etmek we ýatyrmak
hakynda kararlar we çözgütler, ygtyýarnamanyň göçürilen nusgasy, şeýle hem
ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýa-da
ygtyýarnamalynyň barlanylmagynyň ykrarnamalary we beýleki resminamalar
ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýa-da ygtyýarnamalynyň ygtyýarnama işini düzýärler
we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarlylandyryjy edarada
saklanylmaga degişlidir.
16-njy madda. Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmegiň tertibi
1. Ýuridik şahsyň guramaçylyk-hukuk görnüşi, onuň ady, hukuk salgysy ýa-da
ygtyýarlylandyrylýan işiň görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýerleşýän ýeri üýtgän
mahalynda, şeýle hem fiziki şahsyň familiýasy, ady, pasport maglumatlary, ýaşaýan
ýeri ýa-da ygtyýarlylandyrylýan işiň görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýerleşýän
ýeri üýtgän mahalynda ygtyýarnamaly ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek
hakynda arza bermäge borçludyr.
Arzada ygtyýarnamaly hakynda täze maglumatlar, Türkmenistanyň
kanunçylygynda bellenilen halatlarda bolsa – Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet
10sanawyna we Döwlet salgyt sanawyna degişli üýtgetmeleriň hakyky girizilenligini
tassyklaýan resminama hakynda maglumatlar görkezilýär.
Eger ygtyýarnama ýuridik şahsyň hukuk oruntutaryna gaýtadan resmileşdirilýän
bolsa, onda arza görkezilen hukuk oruntutary tarapyndan berilýär.
Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek hakynda arza ygtyýarnamaly
(ygtyýarnamalynyň-ýuridik şahsyň hukuk oruntutary) tarapyndan Ýuridik şahslaryň
ýeke-täk döwlet sanawyna we Döwlet salgyt sanawyna degişli üýtgetmeleriň girizilen
gününden başlap ýa-da işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky
ýerleşýän ýeriniň üýtgedilen gününden başlap otuz senenama gününiň dowamynda
ygtyýarlylandyryjy edara berilýär.
2. Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek ygtyýarnamaly (ygtyýarnamalynyň-
ýuridik şahsyň hukuk oruntutary) tarapyndan degişli arzanyň berlen gününden başlap
on senenama gününiň dowamynda ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan amala
aşyrylýar.
3. Ygtyýarnama gaýtadan resmileşdirilenden soň, on bäş senenama gününiň
dowamynda döwlet pajynyň tölenilendigini tassyklaýan resminamanyň berilmezligi
şu Kanunyň 17-nji maddasynda bellenilen tertipde ygtyýarnamanyň hereketini
togtatmak üçin esas bolup durýar.
4. Ygtyýarnamaly (ygtyýarnamalynyň-ýuridik şahsyň hukuk oruntutary)
tarapyndan doly däl we nädogry ýa-da şübheli maglumatlar berlen mahalynda
ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmekden ýüz öwrülip bilner.
Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmekden ýüz öwürmek hakynda ýüz
öwürmegiň sebäplerini görkezmek bilen, ýüz öwürmek hakynda çözgüt kabul edilen
gününden başlap, üç iş gününiň dowamynda ygtyýarnamala ýa-da onuň hukuk
oruntutaryna ýazmaça görnüşde habar berilýär.
17-nji madda. Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak, dikeltmek, bes
etmek we ýatyrmak
1. Ygtyýarlylandyryjy edaralar özi tarapyndan, şeýle hem beýleki gözegçilik
ediji edaralar tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ygtyýarnamaly tarapyndan
ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň birnäçe gezek bozulmalary ýa-da gödek
bozulmagy ýüze çykarylan mahalynda ygtyýarnamanyň hereketini togtadyp bilerler.
Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak hakynda çözgüt kabul eden
ygtyýarlylandyryjy edaralar ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren
bozulmalary düzetmek üçin ygtyýarnamala möhlet bellemäge borçludyrlar.
Görkezilen möhlet üç aýdan az, alty aýdan köp bolmaly däldir.
Eger ygtyýarnamaly görkezilen bozulmalary bellenen möhletde düzetmese, onda
ygtyýarlylandyryjy edara ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda çözgüt kabul edip biler.
2. Ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren bozulmalar
düzedilenden soň, ygtyýarnamaly ygtyýarnamanyň hereketini dikeltmek hakyndaky
arzany ygtyýarlylandyryjy edara berýär.
3. Ygtyýarnamanyň hereketini togtadan ygtyýarlylandyryjy edaralar:
111) arzany alandan soň, on iş gününiň dowamynda ygtyýarnamanyň hereketiniň
togtadylmagyna getiren bozulmalaryň ygtyýarnamaly tarapyndan düzedilişine barlag
geçirýärler;
2) soňky üç iş gününiň dowamynda, barlagyň netijeleriniň esasynda
ygtyýarnamanyň hereketini dikeltmek ýa-da dikeltmekden ýüz öwürmek hakynda
çözgüt kabul edýärler we bu hakda ygtyýarnamala ýazmaça görnüşde habar berýärler.
4. Ygtyýarnama şu aşakdakylaryň karary we çözgüdi bilen ýatyrylyp bilner:
1) eger ygtyýarnamany bermek hakyndaky çözgüdiň bikanunlygy ýüze
çykarylan mahalynda kazyýetiň karary bilen.
Ygtyýarlylandyryjy edaralar kazyýetiň ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda
kararynyň kanuny güýje girmegine çenli döwür üçin görkezilen ygtyýarnamanyň
hereketini togtatmaga borçludyrlar;
2) eger ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň
bozulmagy raýatlaryň hukuklaryna, kanuny bähbitlerine, ahlagyna, ömrüne we
saglygyna, döwletiň goranmak ukybyna we howpsuzlygyna, daşky gurşawa zyýan
(zelel) ýetirse, şeýle hem şu maddanyň birinji böleginiň üçünji tesiminde göz öňünde
tutulan halatynda ygtyýarlylandyryjy edaralaryň çözgüdi bilen.
5. Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak hakynda, ygtyýarnamanyň hereketini
uzaltmakdan we dikeltmekden ýüz öwürmek hakynda ýa-da ygtyýarnamany
ýatyrmak hakynda çözgüt kabul edilenden soň, üç iş gününiň dowamynda şeýle
çözgüdiň esaslandyrmasy bilen, ýazmaça görnüşde ygtyýarlylandyryjy edaralar
tarapyndan ygtyýarnamala habar berilýär.
6. Ygtyýarnama şu aşakdaky halatlarda hukuk güýjüni ýitirýär:
1) ygtyýarnamanyň möhleti gutaranda;
2) ygtyýarnama ýatyrylanda;
3) ygtyýarnamaly ýuridik şahs ýatyrylanda;
4) ygtyýarnamaly fiziki şahs hususy telekeçi hökmünde işini bes eden ýa-da
aradan çykan ýagdaýynda;
5) kazyýet tarapyndan fiziki şahsyň kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby
çäklendirilen diýlip ykrar edilende;
6) ygtyýarnamalynyň arzasynyň esasynda ygtyýarnamanyň hereketini
möhletinden öň bes etmek hakynda ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan çözgüt
kabul edilen mahalynda.
7. Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak ýa-da onuň hereketini uzaltmakdan,
ýa-da dikeltmekden ýüz öwürmek hakynda, şeýle hem ygtyýarnamany ýatyrmak
hakynda çözgüde ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnama gözegçiligi edarasyna, ýa
da kazyýete şikaýat edilip bilner.
18-nji madda. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri we ygtyýarnamalynyň işi
hakyndaky maglumatlara barlag geçirmegiň tertibi
1. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen arzada we resminamalarda özi
hakda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, ygtyýarnama
talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligine, şeýle hem
12ygtyýarnamaly hakyndaky maglumatlara we onuň ygtyýarnama talaplaryny we
şertlerini berjaý edişine barlag geçirmek ygtyýarlylandyryjy edaralar ýa-da
ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan tabşyryk berlen olaryň düzüm birlikleri
tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Ygtyýarlylandyryjy edara barlaglar geçirende:
1) ygtyýarnamanyň dalaşgärinden we ygtyýarnamalydan zerur resminamalary,
düşündirişleri we maglumatlary soraýar we alýar;
2) barlaglaryň netijeleriniň esasynda ýüze çykarylan düzgün bozulmalary
görkezmek bilen ykrarnamalary düzýär;
3) ýüze çykarylan düzgün bozulmalary düzetmek boýunça olary düzetmegiň
möhletlerini görkezmek bilen, ygtyýarnamala talaplary bildirýär;
4) ygtyýarnamanyň hereketini togtadyp bilýär;
5) zerur halatlarda degişli ygtyýarly edaralardan hünärmenleri (bilermenleri)
çekip bilýär;
6) şahsy ygtyýarlylandyrylmaga degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrmakda
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine laýyklykda
günäli bilip, ygtyýarlylandyrylmaga degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrandygy
üçin şahsdan işi ygtyýarnamasyz amala aşyrmakdan alnan peýdany Türkmenistanyň
merkezleşdirilen býujetiniň girdejisine geçirmek görnüşinde maliýe jerimesini
ulanmak hakynda çözgüt kabul edýär, eger şahs tarapyndan maliýe jerimesi meýletin
tölenilmedik halatynda kazyýete hak isleýiş arza bilen ýüz tutýar we Türkmenistanyň
kanunçylygyna laýyklykda hak isleýjä degişli edilen hukuklary amala aşyrýar.
Maliýe jerimesiniň möçberi şeýle peýdanyň möçberinden tölenen salgytlaryň
möçberine laýyklykda azaldylýar.
Eger geçirilýän barlaglaryň barşynda peýdanyň we degişli çykdajylaryň hasaba
alynmandygy ýa-da şeýle maglumatlaryň berilmeýändigi ýüze çykarylsa, onda
ygtyýarlylandyryjy edara (beýleki gözegçilik edarasy) özünde bar bolan
maglumatlaryň esasynda, degişli ýagdaýlarda harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň)
kesilen bahasyny, 25 göterim möçberinde (söwda işleri üçin – haryt dolanyşygynyň 8
göterimi möçberinde) düşewüntliligi ulanyp, peýdanyň çak edilýän möçberini
hasaplamaga we bellemäge haklydyr. Peýdanyň çak edilýän möçberini hasaplamaga
we bellemäge doly mümkinçilik bolmadyk halatynda ygtyýarlylandyryjy edara ony
kesgitlemek üçin degişli ygtyýarly edaralara ýüzlenmäge haklydyr;
7) beýleki zerur hereketleri amala aşyrýar.
3. Ygtyýarlylandyryjy edara, bu edara tarapyndan ygtyýarlylandyrylmaga
degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrýan taraplary ýüze çykarmak maksady bilen,
ygtyýarnamanyň dalaşgäri we ygtyýarnamaly bolup durmaýan şahslaryň barlaglaryny
delilli esas bolan halatynda geçirmäge haklydyr.
Barlagyň netijeleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edara:
1) öz barlagynyň netijeleri boýunça ykrarnamanyň düzülen senesinden, şeýle
hem beýleki gözegçilik ediji edaralar tarapyndan amala aşyrylan barlaglaryň
ykrarnamalarynyň gelip gowşan senesinden otuz senenama gününiň dowamynda
ygtyýarlylandyrmak babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň
13bozulandygy ýa-da bozulmandygy barada çözgüt çykarýar we Türkmenistanyň
kanunçylygyna laýyklykda zerur bolan hereketleri amala aşyrýar;
2) şu maddanyň ikinji böleginiň 6-njy bendinde göz öňünde tutulan hereketleri
amala aşyrýar.
4. Beýleki gözegçilik ediji edaralar özleriniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:
1) geçirilýän resminamalaýyn barlaglaryň barşynda şu Kanunyň talaplarynyň
berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýarlar we düzgün bozulmalar ýüze çykarylanda
olar barada ygtyýarlylandyryjy edaralara habar berýärler;
2) ygtyýarlylandyryjy edaralaryň başlangyjy bilen ygtyýarlylandyrylmaga
degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrýan taraplary ýüze çykarmak üçin geçirilýän
barlaglara gatnaşýarlar.
5. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri (ygtyýarnamaly), barlaglar geçirilende zerur bolan
resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary ygtyýarlylandyryjy edaralara
bermäge borçludyr.
6. Ygtyýarlylandyryjy edara şu maddada göz öňünde tutulan barlaglary amala
aşyrmak üçin şu Kanunyň 8-nji maddasynyň birinji böleginiň 6-njy, 61-njy we 7-nji
bentlerinde göz öňünde tutulan gözükdirijilere goldanyp, şu aşakdakylary işläp
taýýarlaýar hem tassyklaýar:
1) Ygtyýarnamalylar tarapyndan ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň ýerine
ýetirilişine barlaglary geçirmegiň tertibini;
2) Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen arzada we resminamalarda özi
hakda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, ygtyýarnama
talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligine barlaglary
geçirmegiň tertibini;
3) Ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň ygtyýarnamasyz amala aşyrylmagy
boýunça barlaglary geçirmegiň tertibini.
(2021-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
19-njy madda. Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawy
1. Ygtyýarlylandyryjy edaralar şu maddanyň üçünji böleginde bellenilen
möçberde işiň özleri tarapyndan ygtyýarlylandyrylýan görnüşleri boýunça
Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar binýadyny döredýärler we:
1) ygtyýarnamany bermek, ygtyýarnama goşmaça girizmek, ygtyýarnamany
gaýtadan resmileşdirmek, onuň hereketini togtatmak, dikeltmek ýa-da bes etmek,
şeýle hem ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda çözgüdiň kabul edilen;
2) ýuridik şahsyň we hususy telekeçileriň döwlet tarapyndan bellige alyş
edaralaryndan ýuridik şahsy ýatyrmak ýa-da ony üýtgedip gurmak hakynda, hususy
telekeçiniň işini bes etmek hakynda habary alan;
3) ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda kazyýetiň kanuny güýje giren kararynyň
alnan gününden soň gelýän günden gijä galman degişli maglumatlary olara
girizýärler.
Ygtyýarlylandyryjy edaralar ygtyýarnama gözegçiligi edarasyna özleri
tarapyndan ygtyýarlylandyrylýan işiň görnüşleri boýunça Ygtyýarnamalaryň döwlet
sanawynyň maglumatlar binýadyny hasabat döwründen soň gelýän aýyň birinji
14günündäki ýagdaýa görä her aýda kagyz we (ýa-da) elektron göterijilerinde bermäge
borçludyrlar.
2. Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar banky ygtyýarlylandyryjy
edaralar tarapyndan her aýyň birinji günündäki ýagdaýa görä berilýän
Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar binýatlaryny birleşdirmek arkaly
döredilýär.
3. Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynda şu aşakdakylar görkezilýär:
1) şu Kanunyň 15-nji maddasynyň birinji böleginde, şeýle hem
ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamalarda bellenilen maglumatlar;
2) ygtyýarlylandyryjy edaralar hakynda maglumatlar;
3) ygtyýarnamanyň berilmegi, ygtyýarnama goşmaçanyň girizilmegi,
ygtyýarnamanyň gaýtadan resmileşdirilmegi we hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy
hakynda arzanyň ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan kabul edilen senesi hakynda
maglumatlar;
4) ygtyýarnamanyň bellige alnan senesi we tertip belgisi;
5) ygtyýarnamanyň hereketini togtatmagyň we dikeltmegiň esaslary we möhleti;
6) ygtyýarnamany ýatyrmagyň esaslary we senesi;
7) işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmagyň hakyky ýerleşýän ýeri;
8) ygtyýarnamanyň hereketini möhletinden öň bes etmegiň esasy we senesi.
4. Ygtyýarlylandyryjy edaralar özleriniň ygtyýarlylandyrýan işiniň görnüşleri
boýunça Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynda bar bolan maglumaty:
1) Türkmenistanyň salgyt we beýleki gözegçilik edaralaryna olaryň soramagy
boýunça;
2) ygtyýarnamalylara, degişli arzanyň ygtyýarlylandyryjy edaralara gelip
gowşan gününden başlap üç iş gününiň dowamynda olardan göçürmeler görnüşinde
berýärler.
5. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatynda
ygtyýarlylandyryjy edaralar özleriniň ygtyýarlylandyrýan işiniň görnüşleri boýunça
Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawyndan degişli maglumatlary özleriniň resmi Internet
saýtlarynda ýerleşdirip bilerler.
20-nji madda. Döwlet pajy
Ygtyýarnamanyň berilmegi, ygtyýarnama goşmaçanyň girizilmegi
(kanunçylygyň üýtgänligi üçin girizilýän goşmaçalardan başga), ygtyýarnamanyň
gaýtadan resmileşdirilmegi, ygtyýarnamanyň öwezliginiň (dublikatynyň) berilmegi
üçin möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen döwlet pajy tölenilýär.
Ygtyýarlylandyryjy edaralar fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan
ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň ygtyýarnamasyz amala aşyrylmagyndan alnan
peýdany Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň girdejisine almak hakynda
kazyýete hak isleýiş arzasy bilen ýüz tutan halatlarynda, döwlet pajyny tölemekden
boşadylýarlar.
1521-nji madda. Ygtyýarnama gözegçiligi edarasynyň we ygtyýarlylandyryjy
edaralaryň işini maliýeleşdirmek
1. Ygtyýarnama gözegçiligi edarasynyň işini maliýeleşdirmek Türkmenistanyň
Merkezleşdirilen býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
2. Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işini maliýeleşdirmek:
1) býujetden maliýeleşdirilýänlerde – Türkmenistanyň Merkezleşdirilen
býujetinden olary saklamak üçin berilýän serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar;
2) býujetden maliýeleşdirilmeýänlerde – öz serişdeleriniň hasabyna amala
aşyrylýar.
IV BAP. YGTYÝARLYLANDYRYLMAGA DEGIŞLI IŞIŇ
GÖRNÜŞLERI
22-nji madda. Amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalar talap edilýän işiň
görnüşleriniň sanawy
1. Işiň aşakdaky görnüşleri şu Kanuna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga
degişlidir:
1) lukmançylyk işi;
2) farmasewtik iş;
3) lukmançylyk-tehniki işi;
4) dezinfeksiýa, dezinseksiýa we deratizasiýa işlerini geçirmek boýunça iş;
5) weterinariýa işi;
6) tohumçylyk işi;
7) tebigy baýlyklary peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça iş;
8) nebit önümlerini we ýangyç-çalgy materiallaryny ýerlemek boýunça iş;
9) spirti, alkogolly önümleri, temmäki önümlerini öndürmek, getirmek we
ýerlemek babatynda iş;
10) çagalar üçin süýt garyndylaryny, süýt we beýleki iýmitlendiriji önümleri, bir
görnüşe getirilen iýmitleri öndürmek işi;
11) sarp edijileri gaplanan agyz suwy bilen üpjün etmek babatynda iş;
12) senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de
howply ýükleri daşamak babatynda iş;
13) ýangyn howpsuzlygy babatynda iş;
14) awiasiýa işi;
15) deňiz we içerki suw ulagynda daşamak işi;
16) ulag-ekspedisiýa işi;
17) awtomobil ulagynda daşamak işi;
18) elektroenergetika babatynda iş;
19) aragatnaşyk babatynda iş;
20) kiber howpsuzlyk babatynda iş;
21) himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda iş;
22) geodeziýa we kartografıýa işi;
16221) senagat gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny
öndürmek boýunça iş;
23) gurluşyk babatynda iş;
24) bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işi;
25) neşirýat işi;
26) çaphana işi;
27) syýahatçylyk işi;
28) humarly oýunlar we pula oýnalýan oýunlar bilen baglanyşykly iş;
29) auditorçylyk işi;
30) ätiýaçlandyryş babatyndaky iş;
31) gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işi;
32) baha kesmek işi;
33) bank işi;
34) gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar bilen baglanyşykly iş;
35) hukuk işi;
36) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we prekursorlaryň dolanyşygy
çygryndaky iş;
37) raýatlary daşary ýurtlarda işe ýerleşdirmek bilen baglanyşykly iş;
38) medeniýet we sungat çygryndaky iş;
39) audio, wideo we kino önümlerini köpçülikleýin görkezmek we ýaýratmak
bilen baglanyşykly iş.
2. Işiň beýleki görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagyň girizilmegi diňe şu Kanunda
göz öňünde tutulan, amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalar talap edilýän işiň
görnüşleriniň Sanawyna goşmaçalary girizmek arkaly mümkindir.
3. Ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama bilen ygtyýarlylandyrylmaga
degişli işiň aýry-aýry görnüşleriniň düzüminde önümleriň, işleriň we hyzmatlaryň
kiçi görnüşleri we (ýa-da) sanawy bellenilip bilner.
(2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky we 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň
redaksiýasynda).
23-nji madda. Işi ygtyýarnamasyz amala aşyrýan ýuridik şahslar
1. Şu aşakdakylar işi ygtyýarnamasyz amala aşyrmaga haklydyrlar:
1) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda döredilip,
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylan düzgünnamasynda işiň
degişli görnüşleri göz öňünde tutulan döwlet karhanalary, işiň şol görnüşleri boýunça;
2) işiň degişli görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýan
ygtyýarlylandyryjy edaranyň düzümine girýän, işiň bu görnüşlerini amala aşyrýan
döwlet kärhanalary;
3) erkin ykdysady zolagyň (milli syýahatçylyk zolagy we beýlekiler) çäginde işi
bellenilen tertipde amala aşyrýan şahslar, görkezilen iş bu zolagyň çägi bilen
çäklenýän şertinde we (ýa-da) konsessiýa şertnamasynyň şertlerinde;
4) Türkmenistanyň halkara şertnamasynyň ýa-da Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň çözgüdiniň esasynda bellenilen tertipde döredilen, bilim bermek we
işgärleri hünäre taýýarlamak işini şahamçalarynyň üsti bilen amala aşyrýan, bu işi
17Türkmenistanda amala aşyrmaga daşary ýurt döwletiniň rugsady (ygtyýarnamasy)
bolan bilelikdäki bilim edaralary, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň bilim
edaralary.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen şahslar ygtyýarlylandyrmak
hakyndaky Düzgünnamalar bilen bellenilen ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini
ýerine ýetirmäge borçludyrlar.
V BAP. IŞIŇ AÝRY-AÝRY GÖRNÜŞLERINI
YGTYÝARLYLANDYRMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ
KANUNÇYLYGYNYŇ BOZULANDYGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK.
JEDELLERI ÇÖZMEK
24-nji madda. Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda
Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
1. Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň wezipeli adamlary ygtyýarlylandyrmak amala
aşyrylan mahalynda öz borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmedik we hukuga garşy
hereketleri (hereketsizligi) amala aşyran halatlarynda Türkmenistanyň
kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
2. Ygtyýarnamany bermekden, ygtyýarnama goşmaça girizmekden, gaýtadan
resmileşdirmekden, ygtyýarnamanyň hereketini uzaltmakdan, dikeltmekden,
ygtyýarnamanyň öwezligini (dublikatyny) bermekden esassyz ýüz öwrülmegi ýa-da
ygtyýarnamalynyň hukuklarynyň bozulmagy bilen dörän ýitgileriň öwezini dolmak
Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
3. Ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan
ygtyýarnamasyz amala aşyrylmagy ýa-da olar tarapyndan ygtyýarlylandyryjy
edaranyň ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak hakynda çözgüdiniň bozulmagy
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.
Şeýle işden alnan peýda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde
Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň girdejisine alynmaga degişlidir.
25-nji madda. Jedelleri çözmek
Ygtyýarlylandyrmak bilen baglanyşykly jedeller Türkmenistanyň
kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
VI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
26-njy madda. Şu Kanunyň herekete girmegi
1. Şu Kanun 2020-nji ýylyň 1-nji aprelinden herekete girizilýär.
2. Türkmenistanyň şu Kanuna çapraz gelýän kanunlary we beýleki
kadalaşdyryjy hukuk namalary onuň herekete girizilen gününden gijä galman şu
Kanuna laýyk getirilmäge degişlidir.
1819
3. Şu Kanunyň 22-nji maddasyna laýyklykda amala aşyrmak üçin
ygtyýarnamalar talap edilýän işiň görnüşleriniň sanawynda bellenilmedik işiň aýry
aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak şu Kanunyň herekete giren gününden başlap
togtadylýar.
4. Şu Kanunyň herekete girizilmegine çenli döwürde fiziki we ýuridik şahslara
berlen ygtyýarnamalar:
1) eger olar şu Kanunyň 22-nji maddasynda bellenilen işiň aýry-aýry görnüşleri
üçin berlen bolsa, olaryň hereket ediş möhletiniň gutarmagyna çenli hukuk güýjüne
eýedirler;
2) eger olar şu Kanunyň 22-nji maddasynda bellenilmedik işiň aýry-aýry
görnüşleri üçin berlen bolsa, şu Kanunyň herekete girizilen gününden başlap güýjüni
ýitiren diýlip ykrar edilýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2019-njy ýylyň 30-njy noýabry.
№ 205-VI.
上一篇:已经是第一篇了